Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran hüjüminde 2 adam ýogaldy

Ukrainanyň gündogar front liniýasynyň araçäginde ýerleşýän Harkow şäherine we onuň töweregine Russiýanyň goşuny tarapyndan guralan hüjümde 2 adam ýogaldy

1848673
Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran hüjüminde 2 adam ýogaldy

Ukrainanyň iň uly 2-nji şäheri bolan Harkowa Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan düýn agşamdan başlap irdene çenli guralan howa hüjümleriniň netijesinde şäheriň infrastrukturasyna uly zyýan ýetdi. 

Harkow şäheriniň ýaşaýjylarynyň berýän habaryna görä, Russiýa tarapyndan guralýan hüjümler artdy, şäheriň biri-birinden tapawutly ýerlerinde gije güýçli partlamalaryň sesi eşidildi. 

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň Baş müdürliginiň Harkow sebitindäki bölüminden berilen ýazmaça beýanatda, Harkow şäherine ýakyn bolan we front liniýasynyň araçäginde ýerleşýän Çuguýew şäherinde düýn gije Russiýanyň goşuny tarapyndan guralan howa hüjümlerinde asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň bolsa ýaralandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar