NATO-nyň Baş sekretary Türkiýäniň aladalaryny göz öňünde tutmalydyklaryny beýan etdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklary bilen baglanşykly Türkiýäniň aladalaryny göz öňünde tutmalydyklaryny habar berdi

1848799
NATO-nyň Baş sekretary Türkiýäniň aladalaryny göz öňünde tutmalydyklaryny beýan etdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde ertir başlajak NATO-nyň Liderler maslahatyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Ýens Stoltenberg Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmak üçin tutan ýüz tutmalary bilen bagly gürrüňdeş bolandygyny we özüni ertir Madritde geçiriljek Dörttaraplaýyn maslahata çagyrandyklaryny mälim etdi. 

Prezident Erdogan, Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo we Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson bilen Madritde duşuşyk geçirjekdigini aýdan Ýens Stoltenberg: "Maksat elbetde Finlýandiýa we Şwesiýa babatynda öňe gidişlik etmek. Hiç hili söz berip bilmerin, emma sizi ynandyryp bilerin: öňe gidişlik etmek üçin işjeň ýagdaýda iş alyp barýarys. Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmak üçin tutan ýüz tutmalary taryhy bir karardyr. NATO-ny güýçlendirjek we Ýewropa-Atlantik sebitiniň durnuklylygyna goşant goşjak bir göçüm bolar. Ýagny maksat öňe gidişlik etmekdir" diýip habar berdi. 

Ýens Stoltenberg Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO goşulmaklary babatynda işjeň ýagdaýda iş alyp barýandyklaryny, emma Türkiýäniň hem howpsuzlyk aladalaryny göz öňünde tutmalydyklaryny aýan etdi. 

Ýens Stoltenberg NATO-nyň Reaksiýa güýjüni gözden geçirjekdiklerini we ýokary taýarlykly harby güýjüň sanyny 300 müňden hem köpeltjekdiklerini habar berdi. 

Ýens Stoltenberg Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň hem sammite gatnaşmagyndan hoşaldyklaryny belläp: "Ukraina üçin güýçlendirilen köptaraplaýyn kömek bukjasynyň üstünde ylalaşyk gazanarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar