Kolumbiýada tribunanyň çökmegi netijesinde azyndan 5 adam ýogaldy

Tolima dolanşyk sebitine degişli Espinal şäherinde däp bolan öküz göreşi festiwalynda tomaşaçylaryň oturan tribunanyň bir bölegi çökdi

1848404
Kolumbiýada tribunanyň çökmegi netijesinde azyndan 5 adam ýogaldy

Kolumbiýanyň Espinal şäherinde geçirilen "Korraleha" atly öküzleriň urşy festiwalynda, tomaşaçylaryň oturan tribunanyň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy, 500-den gowrak adam ýaralandy. 

Tolima dolanşyk sebitine degişli Espinal şäherinde däp bolan öküz göreşi festiwalynda tomaşaçylaryň oturan tribunanyň bir bölegi çökdi. 

Resmiler wakada häzirki wagta çenli 5 adamyň ýogalandygyny, 500-den gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdiler. Ýogalan we ýaralanan adamlaryň artmagyna alada bildirilýär. 

Espinal şäheriniň häkimligi tarapyndan berilen beýanatda, waka uly gynanç bildirýändiklerini belläp: "Her kimi parasatlylyga çagyrýarys. Ýardam guramalary işe girişdi. Gözleg we halas ediş işler başladyldy, ewakuasiýalar dowam edýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar