Ukraina harby güýçlerini Sewerodonetsk şäherinden yzyna çeker

Ukrainanyň Lugansk sebitiniň Harby dolanşygynyň başlygy Sergeý Gaýdaý, Ukrainanyň harby güýçlerine Sewerodonetskden çekilmek barada buýruk berilendigini habar berdi

1847844
Ukraina harby güýçlerini Sewerodonetsk şäherinden yzyna çeker

Ukrainanyň Lugansk sebitiniň Harby dolanşygynyň başlygy Sergeý Gaýdaý, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň Lugansk welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Sewerodonetsk şäherindäki ýagdaý barada maglumat berdi. 

Russiýanyň goşunynyň Sewerodonetskiň infrastrukturasyny ýok edendigini aýdan Sergeý Gaýdaý, ady agzalan şäheriň takmynan 90 göterimine zyýan ýetendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň harby güýçleriniň şäherden çekiljekdigini aýdan Gaýdaý: "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Sewerodonetskden çekilmegi gerek bolar. Esgerlerimize şol barada buýruk berdik. Sewerodonetskiň goragçylary has güýçli pozisiýa çekilerler" diýip habar berdi. 

Sergeý Gaýdaý Russiýanyň harby birikmeleriniň Sewerodonetsk şäheriniň golaýyndaky Lisiçansk şäherine tarap öňe gidişlik edendigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar