Şertler Russiýa-Belarus Bileleşik Döwletiniň Goranyş Ukybyny Güýçlendirmegi Talap Edýär

Bu barasynda Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu beýannasynda aýtdy.

1847633
Şertler Russiýa-Belarus Bileleşik Döwletiniň Goranyş Ukybyny Güýçlendirmegi Talap Edýär

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu şertleriň Russiýa-Belarus Bileleşik döwletiniň goranyş ukybyny güýçlendirmegi we harby güýçleriň söweşe taýýarlygyny artdyrmagy talap edýändigini aýtdy.

Şoýgu Russiýanyň paýtagty Moskwada Balarusyň Goranmak ministri Wiktor Hrenin bilen duşuşdy.

Duşuşykdan ozal beýannama beren Şoýgu, Belarusyň Russiýa üçin möhüm strategik hyzmatdaş, ýakyn dost we ýarandygyny nygtady.

Günbataryň deňi-taýy görülmedik gysyşy we özlerine garşy yglan edilmedik söweş şertlerinde Russiýa bilen Belarusyň özara harby hyzmatdaşlygy ösdürýändigine ünsi çeken Şoýgu, Belarusyň ABŞ we ýaranlaryna garşy egilşiksizligi bilen birleşen goranyş zolagyny döretmäge taýýardygyna aýratyn uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

Ukrainadaky şertleri we NATO agza  ýurtlaryň günbatar serhetlerinde alyp barýan işlerini ýatladan Şoýgu; “Şertler Bileleşik döwletiniň goranyş ukybyny güýçlendirmägi, sebitleýin güýçleriň we birleşen sebitleýin howa goranyş ulgamynyň söweşe taýýarlygyny güýçlendirmek üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär. Ol şu günki günde hasam güýçlenýär. Rus tarapy bu meselede belarus dostlaryna ähli goldawy bermäge taýýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar