ABŞ Türkiýäniň galla krizisiniň çözüwindäki eýeleýän roluna ähmiýet berýär
ABŞ-da Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi, Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli emele gelen galla krizisini çözmek üçin eýeleýän roluna ähmiýet berýändiklerini mälim etdi

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi, gündelik metbugat ýygnagynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi, Germaniýada 26-28-nji iýun aralygynda geçiriljek G7 we Ispaniýada 29-30-njy iýun aralygynda geçiriljek NATO sammitleriniň üstünde durup geçdi.
Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli bütin dünýäde emele gelen galla krizisiniň G7 sammitiniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry boljakdygyny aýdan Jon Kirbi, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň şol meseläniň çözüwi üçin tagalla edýändigini beýan etdi.
Kirbi: "Türkler bu meselede ruslar bilen gepleşikler geçirýär. Türkiýäniň bu meselede eýeleýän roluna ähmiýet berýäris. Türkiýe oba hojalyk önümleriniň deňiz ýoly arkaly daşalmagy üçin käbir tagallalar edýär" diýip belledi.
NATO sammitiniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň hem Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň agzalygy boljakdygyny aýdan Kirbi: "Türkiýe Şwesiýa we Finlýandiýa bilen aralaryndaky meseleleri çözjekdigine we Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza boljakdygyna ynanýarys. Emma size onuň üçin belli bir möhlet berip bilmerin" diýip nygtady.
Degişli Habarlar

ABŞ-nyň ve Hytaýyň Daşary Işler Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Entoni Blinken bilen Van Ýi Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky vakalar hakynda pikir alyşdy.

Wladimir Putin, Birleşen Arap Emirliklerine Bardy
Putiniň Birleşen Arap Emirliklerine guran saparynda 4 sany Su-35 harby uçary ýoldaşlyk etdi.