Türkiýäniň Howpsuzlyk Boýunça Talaplaryny Kanagatlandyrmak Üçin Çalyşýarys

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryn boýunça soraglara jogap berdi.

1847095
Türkiýäniň Howpsuzlyk Boýunça Talaplaryny Kanagatlandyrmak Üçin Çalyşýarys

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk ýüztutmalary boýunça Türkiýäniň howpsuzlyk bilen bagly talaplaryny kanagatlandyrmaga çalyşýandyklaryny, agzalyklaryň gysga möhletde mümkin bolman biljekdigini aýtdy.

“Politiko” habarlar saýtynyň göni ýaýlymynda soraglara jogap beren Stoltenberg, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk ýüztutmalary bilen bagly syraglara jogap berýärkä, Alýansda ençeme gezek tapawytly garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy.

Stoltenberg muňa mysal hökmünde 1950-nji ýyldaky Suweýş kanaly bilen bagly düşnüşmezligi, 1960-njy ýyllarda Fransiýanyň NATO-nyň harby düzüminden çykmagyny, 1970-nji ýyllarda Afrikadaky we Wiýetnamdaky söweşleri, soňky ýyllarda Yrak söweşinde ýaranlaryn arasyndaky garaýyş tapawutlyklaryny getirdi.

“Bu geň galdyryjy däl, sebäbi tapawutly syýasy partiýalaryň hâkimiýet başynda bolan, dürli ýyllardaky, dürli sebitlerdäki 30 ýurt hakynda aýdýaryn” diýen Stoltenberg, ähli tapawutlyklara garamazdan ýaranlaryn esasy mesele bolan “birek biregi goramakda” ylalaşýandyklaryny nygtap; “Finlýandiýa we Şwesiýa meselesinde-de ylalaşýandymyza ynanýaryn. Emma biz indi oturyp, Türkiýäniň edişi ýaly ýaranlaryn beýan edýän tapawutly garaýyşlary we aladalary ortadan aýyrmak. Türkiýäniň terror hüjümlerinden iň agyr ýitgi çeken ýurt we NATO-nyň ýaranydygyny kabul edeliň. Türkiýe Yraga we Siriýa serhetdeş möhüm ähmiýetli ýurt. Terrorizme garşy göreşde möhüm pozisiýa eýeledi we eýelemäge dowam edýär. Şol bir wagtda-da Gara deňize kenardaş ýurt hökmünde-de güýçli pozisiýa eýeleýär. Mysal üçin häzirki wagtda Ukrainadan azyk önümleriniň çykarylmagy üçin möhüm işleri durmuşa geçirýär. Biz hem häzirki wagtda şeýle edýäris. Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň gysga möhletde agza bolmaklaryna rugsat bermek üçin çözgüt tapjakdygymyzy umyt edýarin” diýdi.

 



Degişli Habarlar