Owganystandaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1000 adama ýetdi

Owganystanyň Paktika welaýatynda düýn gije bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1000 adama ýetdi

1846984
Owganystandaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1000 adama ýetdi

Ýurduň resmileri ýer titremäniň esasan hem Paktika welaýatynyň Giýan etraby bilen Host welaýatynyň Spireý etraplaryna täsir ýetirendigini habar berdiler.

Owganystanyň Döwlet habarlar agentligi, ýer titremede azyndan 1000 adamyň ýogalandygyny, 1500 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Apat dolanşygyndan jogapkär Döwlet ministriniň orunbasary Mewlewi Şerafettin Müslim, hökümediň ýer titremede ýogalan adamlaryň maşgalalaryna takmynan 1100 dollar, ýaralanan adamlaryň maşgalalaryna bolsa takmynan 550 dollar berjekdigini aýan etdi. 

Resmiler gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini, sebite dikuçarlar arkaly kömekleriň ugradylýandygyny habar berdiler.

Beýleki tarapdan merkezi Pakistanda ýerleşýän Geo News telewideniýe kanaly, Owganystanda başdan geçirilen ýer titreme sebäpli Pakistanyň Lakki Marwat sebitinde 1 adamyň ýogalandygyny beýan etdi. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew edarasy ýer titremäniň ululygynyň ilki 6,1 bal ululygyndadygyny, soň bolsa 5,9 bal ululygyndadygyny habar berdi. 

Ýer titremäniň güýç merkeziniň Owganystanyň gündogarynda, Pakistan serhedinde ýerleşýän Host welaýatynyň 46 km günorta-günbataryndadygy aýan edildi. 

Ýerli wagt bilen sagat 01:24-de bolan ýer titreme, paýtagt Kabul şäheri bilen birlikde, Pakistanyň paýtagty Yslamabad we Peşawar şaherleri ýaly ýakyn ýerlerde hem duýuldy. 

Beýleki tarapdan Eýranyň günortasyndaky Hürmüzgan welaýatynyň Bender Lenge etrabynda hem 5,2 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

Ýerli wagt bilen sagat 01:39-da bolan ýer titremäniň, ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigi habar berildi. 

Ýer titremelerde adam pidalarynyň ýa-da ýaralanmalaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar