Afrika Materigi Russiýanyň Başladan Söweşiniň Ýesiri

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Afrika materiginiň Russiýanyň ýurduna 24-nji fewralda yglan eden söweşiniň “ýesiridigini” aýtdy.

1846320
Afrika Materigi Russiýanyň Başladan Söweşiniň Ýesiri

Zelenskiý Afrika Bileleşiginiň maslahatyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly ýüzlenip çykyp etdi.

Zelenskiý çykyşynda Afrika materiginde emele gelen azyk ýetmezçiligi hakynda beýannama berdi.

Söweşiň Afrika materiginden müňlerçe kilometr alysda dowam edýändigine garamazdan materikde azyk önümleriniň nyrhlarynyň iňňän gymmatlandygyny beýan eden Zelenskiý, onuň jogapkäriniň Russiýadygyny mälim etdi.

Zelenskiý büýin dünýäde azyk önümleriniň nyrhlarynyň gymmatlandygyny, emma esasanda Afrika ýurtlarynyň ondan agyr zyýan çekýändigini nygtady.

Azyk ýetmezçiliginiň Russiýanyň “kolonialist” hüjümleri dowam etdigi saýyn dowam etjekdigini nygtan Zelenskiý, Ukrainanyň bolsa serhetleriniň daşyna çykaryp bilmeýän 25 tonna galla üçin täze üpjünçilik we logistika ulgamyny döretmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Lideri: “Portlarymyzdaky bökdençligiň aýrylmagy üçin köptaraply gepleşikler alynyp barylýar. Emma henize çenli netije çykmady. Sebäbi Russiýanyň portlara hüjüminiň öňüni aljak mehanizm tapylmady” diýdi.

Afrika bilen gatnaşyklary ösdürmek isleýändigine ünsi çeken Zelenskiý; “Afrika, Russiýanyň Ukraina başladan söweşiniň ýesiri boldy” diýdi.



Degişli Habarlar