Ispaniýa NATO maslahaty barada beýannama berdi

Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hose Manuel Albares NATO maslahaty barada beýannama berdi

1845398
Ispaniýa NATO maslahaty barada beýannama berdi

Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hose Manuel Albares 28-30-njy iýun aralygynda Madridiň ýer eýeçiliginde geçiriljek NATO maslahatynda Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň alýansyň düzümine goşulmak baradaky ýüz tutmasynyň maslahatlaşyljakdygyny habar berdi. 

Maditde partiýasy tarapyndan geçirilen çäreleriň birinde çykyş eden Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hose Manuel Albares: "Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly ýüz tutmasy Madirtdäki maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolar" diýip mälim etdi. 

Hose Manuel Albares sammitiň NATO-nyň we Ýewropanyň howpsuzlygy üçin öwürlişik nokady bolan bir wagtda geçiriljekdigini belläp, Russiýanyň Ukrainany basyp almak üçin başladan söweşinden gözbaş alýan kyn bir döwürden geçilýändigini habar berdi. 

Hose Manuel Albares 40 ýurdyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Madritdäki maslahata gatnaşjakdygyny, uly logistika kynçylygy başdan geçirilýän bir zamanada amala aşyrylýan bu maslahatyň islendik ýurdyň ýer eýeçilik edip bilmejekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar