Hindistandaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindistanyň Assam we Meghalaýa ştatlaryndaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 32 adama ýetdi

1845262
Hindistandaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýyň Global telewideniýe torunyň (CGTN) berýän habaryna görä, Assam ştatynyň Tebigy apat dolanşyk edarasy, ştatyň 28 aýry etrabynda dowam edýän sil apatlary sebäpli 13 adamyň ýogalandygyny, siliň 1,8 milliondan gowrak adama ýaramaz täsir ýetirendigini habar berdi. 

Meghalaýa ştatynyň Tebigy apat dolanşyk edarasynyň resmileri bolsa soňky 2 günde 19 adamyň ýogalandygyny mälim etdiler. 

Assam ştatynda sil sebäpli takmynan 3 müň ýaşaýyş zolagyndan 108 müň 104 adam çadyr düşelgelere sygyndy. 

Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi sosial media hasabyndan Assam ştatynyň Premýer ministri Himnta Biswa Sarma bilen söhbetdeş bolandygyny belläp: "Siliň ýaramaz täsir ýetiren Assam ştatynyň halkynyň howpsuzlygy we esenligi üçin doga edýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar