Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň liderleri Kiýewe bardylar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine bardylar

1844444
Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň liderleri Kiýewe bardylar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Kiýewde Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirerler. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols otlyda beren beýanatynda Ýewropanyň ykdysady jemgyýetiň döredilmegine gatnaşan 3 uly ýurdyň liderleriniň Kiýewe gelmekleri we söweşiň bu tapgyrynda Ukraina we Ukrainanyň halkyna berýän goldawlaryny görkezmekleriniň möhümdigini beýan etdi. 

Olaf Şols Ukraina diňe raýdaşlyk görkezmek däl, eýsem maliýe, ynsanperwer we ýarag taýdan berilýän kömekleriň dowam etjekdigi barada kepillik bermäge gelendiklerini habar berdi. 

Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň örän möhümdigini nygtap geçjekdiklerini aýdan Olaf Şols, şol sanksiýalaryň Russiýanyň etmek isleýäninden dänmegini we esgerlerini Ukrainadan yzyna çekmek ähtimallylygyna goşant goşýandygyny, maksatlarynyň hem şoldygyny mälim etdi. 

Üç ýurdyň liderleriniň sapary Ukrainanyň gündogarynda Russiýa bilen bolýan çaknyşyklaryň we global azyk krizis bilen bagly basyşlaryň başdan geçirilýän wagty amala aşyrylýar. 

24-nji fewralda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bäri Günbatar döwletleriň ençemesi Kiýewe sapar guran hem bolsa, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň Ukraina sapar guramazlygy tankydy belliklere sebäp bolupdy. 



Degişli Habarlar