Zelenskiý: “Basyp Alyjylary Ýurdumyzdan Kowarys”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň ýurdunda basyp alan ähli ýerlerini halas etmek üçin göreşiň dowam etjekdigini beýan etdi.

1842658
Zelenskiý: “Basyp Alyjylary Ýurdumyzdan Kowarys”

Zelenskiý Telegram hasabyndan beren habarnamasynda söweşiň geçen 110 gününi analiz edip, Ukrainanyň ýaragly güýçlriniň Donbassda üstünlikli operasiýalar geçirendigini nygtady.

Geçen 110 günüň dowamynda ýurdunyň günorta etraplarynda gözegçiligi ýaňadandan ýola goýandyklaryny, Harkowuň hem esasy bölegini “duşmanyň elinden” halas edendiklerini beýan eden Zelenskiý; “Umuman müňden gowrak ilatly ýer halas edildi, basyp alyjylaryn Ukrainanyň günortasyndaky hüjümleri duruzyldy” diýdi.

Ukrain esgerleriniň Donbassda-da rus güçlerine agyr zarba urandyklaryny beýan eden Zelenskiý; “Donbassdaky söweşler Ýewropada we Ýewropa üçin edilen iň rehimsiz söweşlerden biri hökmünde taryha geçer” diýdi.

Ýurdunda dowam edýän söweşiň gutarmagy üçin güýçli we döwrebap ýaraglaryň gerekdigini aýdan Ukrainanyň Lideri, söweşde asuda ilatdan ençeme adamyň we çaganyň ýogalandygyny nygtap; “Ukraina üçin bu söweşiň gymmaty agyr we elhençdir” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainadaky front liniýasynyň 2,500 kilometrden geçýändigine ünsi çeken Zelenskiý; “dowam etmek we ähli territoriýamyzy azat etmekden başga ýollarynyň ýokdugyny, basyp alyjylary topraklaryndan kowjakdyklaryny” nygtady.

 



Degişli Habarlar