ÝB Komissiýasynyň Başlygy Laýen Ysraýylda Saparda Boldy

Lapid bilen Laýen duşuşykda sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1842728
ÝB Komissiýasynyň Başlygy Laýen Ysraýylda Saparda Boldy

Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid, ýurdunda saparda bolýan ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen duşuşdy.

Lapid bilen Laýen duşuşykda sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Lapid duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Fon der Laýeni myhman almakdan hoşaldygyny nygtady.

Ysraýylyň Daşary işler ministri “Geçen ýyl ÝB bilen edýän gatnaşyklarymyzy ösdürdik. ÝB bilen edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi Ysraýyl üçin strategiýa taýdan diýse möhüm. Gatnaşyklarymyzy güýçlendirmäge dowam ederis” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen hem Twitterden beren habarnamasynda “Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň azyk howpsyzlygyna we energetika pudagyna ýetiren täsirleri hakynda pikir alyşdyk. Özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga dowam ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar