Wenesuelanyň Prezidenti Eýrana Bardy

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 20 ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

1841575
Wenesuelanyň Prezidenti Eýrana Bardy

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro resmi sapar bilen Eýrana bardy.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, paýtagt Tährana baran Nikolas Maduro, Sadabad köşgünde Prezident İbrahim Reisi bilen duşuşdy.

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň resmi saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda nebit, ykdysadyýet, medeniýet we syýahatçylyk pudagynda ýakyn hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 20 ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro Türkiýä guran resmi saparyndan soň Prezident Reisiniň çakylygyna laýyklykda düýn Eýrana gidipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar