Türkiýede Gurlan Ýaragly Tälim Gämisi Katara Bardy

Kataryň ýaragly güýçleri Türkiýäniň Anadoly gämi gurluşyk werfinde gurlan ýaragly tälim gämöisi “Al SHAMAL-yň” kabul edilip alnandygyny habar berdi.

1841160
Türkiýede Gurlan Ýaragly Tälim Gämisi Katara Bardy

Kataryň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannamda paýtagt Doha baran gämide, Kataryň Baş ştabynyň Başlygy Salim en-Nabatiniň gatnaşmagynda dabara guraldy we tämi gämisi hakynda brifing berilendigi mälim edildi.

Anadoly gämi gurluşyk werfinde gurlan ýaragly tälim gämisi “Al SHAMİL” fewral aýynda Milli goranmak ministri Hulusi Akar bilen Kataryň Goranmak ministri Halid bin Muhammed al-Atiýýanyň gatnaşmagynda dabara bilen Kataryň deňiz güýçlerine gowşurylypdy.

Kataryň Deňiz güýçleri 2018-nji ýylyň martynda 4 tälim gämisiniň gurluşygy üçin Anadoly gämi gurluşk werfi bilen 3 şertnama baglaşypdy. Türkiýe 2021-nji ýylda bolsa ýaragly tälim gämisi “Al DOHAL-y” Kataryň deňiz güýçlerine gowşurypdy.

 



Degişli Habarlar