ÝB Portlar Üçin Çagyryş Etdi

ÝB Ukrainadaky galla önümleriniň dünýä bazalaryna çykarylmagy üçin iň amatly ýoluň Gara deňizdäki portlardygyn, portlaryn gyssagly ýagdaýda gaýtadan açylmalydygyny beýan etdi.

1839822
ÝB Portlar Üçin Çagyryş Etdi

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula won dere Leýen Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirilen Ýewropa Parlamentiniň Sessiýasynda çykyş etdi.

Şu ýyl dünýä boýunça ýene-de 275 million adamyň azykdan mahrum bolma howpuna sezewardygyny nygtan Leýen, ençeme ýurtda bar bolan inflýasiýa bilen bilelikde azyk howpsuzlygy wehiminiň artandygyny, görkezijileriň hasam artma ähtimallygynyň bardygynyny beýan etdi.

Bularyň täsiriniň Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina yglan eden söweşi sebäpli artandygyny aýdan Leýen; “Sanksiýalar Russiýa bilen üçünji ýurtlaryň arasyndaky galla ýa-da başga azyklaryň söwdasyna täsir ýetirmeýär. Port embargosundan azyk önümleri boşadylýar. Azyk ýetmezçiligine sebäp bolýan zat Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň söweşi” diýdi.

Won der Leýen; “Ukrainanyň Gara deňizdäi portlarunyň gaýtadan açylmagy dünýä üçin möhüm ähmiýete eýe. Sebäpli Ukrainanyň galla önümleri gysga möhletde diňe şol portlardan eksport edilip bilner. Şol sebäpli BMG-na alyp barýan tagallasy üçin sagbolsun aýdýarys” diýdi.

ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bolsa ÝB-niň Russiýa garşy sanksiýalarynyň azyk önümlerini öz içine almaýandygyny nygtap; “Bu azyk ýetmezçiliginden zyýan çekýän ýurtlaryň ählisine ýüzlenesim gelýär: Russiýanyň propogandasyna aldanman” diýdi.

 



Degişli Habarlar