Russiýa, Amerikaly Käbir Ministrler Bilen Birlikde 61 Adama Sanksiýa Goýdy

ABŞ-nyň 61 raýatynyň Russiýa girmegi gadagan edildi

1838916
Russiýa, Amerikaly Käbir Ministrler Bilen Birlikde 61 Adama Sanksiýa Goýdy

Russiýanyň daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Gazna ministri Ýellen we Energetika ministri Granholm bilen birlikde Amerikaly 61 adama sanksiýa goýdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, ABŞ-nyň rus syýasatçylaryna, işewürlerine we tanymal adamlaryna goýan sanksiýalaryna jogap hökmünde ABŞ-nyň 61 raýatynyň Russiýa girmeginiň gadagan edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, sanksiýa sanawyna alynanlaryň arasynda harby senagat pudagynda iş alyp barýan ýolbaşçylaryň, uçar we gämi firmalarynyň wekilleriniň bardygyna ünsi çekildi.

Beýannamada mundan başgada Russiýanyň kiber hüjüm gurandygyny öňe süren ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçylarynyň bardygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar