ÝB Belarus Goşmaça Sanksiýa Goýar

ÝB jemgyýete we oppozisiýasy gysyş edýändigi sebäpli Belarusa goşmaça sanksiýa goýmak boýunça karar kabul etdi.

1837475
ÝB Belarus Goşmaça Sanksiýa Goýar

ÝB Geňeşinden berilen beýannama görä “ýurduň içindäki basyş we adam hukuklarynyň bozulmalary” sebäpli 12 adama we 8 gurama çäklendiriji çäreler görüler.

Sanksiýa sanawyna goşulanlaryň arasynda Belarusyň hökümetinden resmiler, işewür adamlary we olaryň maşgala agzalary, kazyýetiň ýolbaşçylary bilen telegepleşik taýýarlaýyjylar bar. Sanawda aýratynam Belarusyň döwlet Ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenko bilen maşgala agzalary bilen gatnaşyklary sebäpli serp işewüri Bogolžub Karij hem bar.

Sanksiýa goýuljak guramalaryň hatarynda bolsa potasi öndüriji firma “Belaruskali”, firmanyň eksport bölümi “Belarusian Potash Jo”, döwlet tele-radiosy Balteleradio, temmäki önümleriniň söwdasyny edýän arajy firmalar bar.

ÝB-niň Belarusa ozal goýan sanksiýalary bilen bilelikde çäklendiriji çäre goýulan adamlaryň sany 195-e, guramalaryň sany bolsa 35-e ýetdi. Sanksiýalar emläkleriň sanlanmagy we syýahat gadagançylygyny öz içine alýar.

 



Degişli Habarlar