ABŞ Ukraina Döwrebap Raketa Ulgamlaryny Ugradar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukraina Russiýa bilen söweşinde ulanmagy üçin döwrebap raketa ulgamlaryny bermek hakynda karar kabul edendiklerini beýan etdi.

1835781
ABŞ Ukraina Döwrebap Raketa Ulgamlaryny Ugradar

Jo Baýden “Nýu-Ýork Taýms” gazeti üçin “Amerikanyň Ukrainada etjek we etmejek işleri” söz başyly makala ýazdy.

Russiýa-Ukraina söweşiniň 4 aýdyr dowam edýändigine ünsi çeken Baýden; “Ukrain halky pidakärlikleri, çydamlylyklary we frontdaky başarnygy bilen Russiýa geň galdyrdy we bütin dünýä ylgam çeşmesi boldy” diýip, nygtady.

Baýden beýleki ýurtlaryň Ukraina hem harby, hem ynsanperwer hem-de maliýe goldawyny berýändigine ünsi çekip, ABŞ bu söweşi boýunça çemeleşmesini gürrüň berdi.

“ABŞ-nyň maksady belli: Özüni gelejekdäki howplardan gorajak demokratik, garaşsyz, özygtyýarly we eşretli Ukraina isleýäris” diýip ýazan Baýden, “Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň hem beýan edişi ýaly, bu söweşiň soňunda demokratiýanyň üstün çykjakdygyny” belläp geçdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Ukraina beren ýaraglary bilen ýurduň pozisiýasyny gepleşik stolunda güýçlendirmegi nazarda tutýandyklaryna ünsi çekip; “Şol sebäpli hem Ukraina frontdaky nyşanalary gyşarnyksyz urmaklaryny üpjün etjek döwrebap raketa ulgamlaryny we ok-däri bermek hakynda karara geldim” diýip, ýazdy.

Russiýa garşy sanksiýalaryň giňeldilmegi boýunça hem başga ýurtlar bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini nygtan Jo Baýden, ABŞ-nyň Ukraina Ýawelin tankt raketalaryny, Stinger uçar raketalaryny, radar ulgamlarny, uçarmansyz howa ulaglaryny we Mi-17 dik uçarlary ýaly döwrebap ýaraglary ugratmaga dowam etjekdigini nygtady.

Baýden Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşikler hem “Russiýanyň demokratiýadan ýüz öwürmegi sebäpli” dowam etmeýändigini nygtap, ABŞ-nyň Ukrainany gepleşiklerde goldamaga dowam etjekdigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar