ABŞ Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Ned Praýs ABŞ-nyň Türkiýe bilen bu babatdaky geňeşmelerini dowam etdirjekdigini habar berdi

1835863
ABŞ Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi bilen bagly diplomatik başlangyçlaryny we Ukrainanyň azyk önümleriniň eksportyny amala aşyrmak babatyndaky tagallalaryny goldaýandyklaryny habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýsa gündelik metbugat ýygnagynda, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 8-nji iýunda Türkiýä gurajak sapary barada sorag berildi. 

Ned Praýs: "Ähli hyzmatdaşlarymyzyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşi bes etmek, agressiýany azaltmak we şol bir wagtda Ukrainanyň bugdaýy bilen birlikde Ukrainanyň azyk önümleriniň eksportyny ýeňilleşdirmegiň ýollaryny tapmak babatyndaky diplomatik tagallalaryna düşünýäris we ony çürt-kesik goldaýarys" diýip belledi. 

Ned Praýs Türkiýäniň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO goşulmagyna garşy durmagy bilen bagly diskissiýalaryň gönüden Ankara bilen Waşingtonyň arasynda ikitaraplaýyn bir mesele bolmandygyny, Türkiýäniň, Finlýandiýa we Şwesiýa bilen birlikde NATO-nyň ýokary derejeli resmileriniň maslahatlaşýan meseledigini beýan etdi. 

Ned Praýs ABŞ-nyň Türkiýe bilen bu babatdaky geňeşmelerini dowam etdirjekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #ABŞ , #Ned Praýs

Degişli Habarlar