Russiýa Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukrainada 24-nji fewralda başladan söweşdäki hereketleri barada beýannama berdi

1834843
Russiýa Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukraina degişli şu günki güne çenli 183 uçary, 128 dikuçary, 3 müň 323 taňky we sowutly ulagy ýok edendiklerini habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukrainada 24-nji fewralda başladan söweşdäki hereketleri barada beýannama berdi. 

Russiýanyň goşunynyň hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan Konaşenkow, howadan atylan ýokary takyk raketalar bilen Ukrainanyň goşunyna degişli 2 ştab-gözegçilik merkezini, aragatnaşyk merkezini we harby birikmeleriň we tehniki ulaglaryň ýygnanan jemi 34 nokadyň ýok edilendigini habar berdi. 

Russiýanyň Harby-howa söweş taktiki birikmeleriň 3 ştab merkezi bilen 67 harby nyşanany ýok edendigini aýdan Konaşenkow, howa hüjümleriň netijesinde 320-den gowrak ukrainaly nasist güýjüň we 47 harby tehniki ulagyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Howa goranyş ulgamlary bilen Lugansk, Donetsk, Harkow, Herson sebitlerinde Ukraina degişli 15 uçarmansyz howa ulagyny od açyp ýere gaçyrandyklaryny aýdan Igor Konaşenkow, ondan daşary bolsa Harkow we Herson sebitlerinde howada Ukrainanyň goşunyna degişli Smerç köp nilli raketa ulgamyndan atylan 9 raketanyň howada ýok edilendigini aýan etdi. 

Raketa we artilleriýe birikmeleriniň 62 ştab merkezi, 593 harby nokadyň we 55 artilleriýa batareýasyny ýok edendikleirni aýdan Konaşenkow: "Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 183 uçary, 128 dikuçary, 1064 uçarmansyz howa ulagyny. 325 howa goranyş raketa ulgamyny, 3 müň 323 taňky we sowutly ulagy, 451 köp nilli raketa ulgamyny, 1731 gaubisany we minomýody, 3 müň 294 ýörite harby ulagy ýok etdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar