Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi

Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde 23-nji maýda 10 gatly bir binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi

1834712
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň beren habaryna görä, Huzistan welaýatynyň gubernatory Sadyk Haliliýan, Abadan şäherinde çöken 10 gatly bina bilen bagly soňky maglumatlary paýlaşdy. 

Haliliýan: "Harabalyklaryň aşagyndan ýene-de 2 adamyň jesedi tapyldy. Şeýlelik bilen ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi" diýip habar berdi. 

Huzistan welaýatynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Wahid Şabani bolsa, harabalyklaryň arasynda gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi. 

Abadan şäherinde gurluşygy dowam edýän 10 gatly Metropol işewürler merkezi 23-nji maýda günortan çöküpdi. 

Wakadan soň başladylan derňew işiniň çäginde Abadan şäheriniň häkimi Hüseýin Hamidpur bilen şäheriň ozalky 2 häkimi bilen birlikde jemi 13 adamyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

Huzistan welaýatynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Wahid Şabani, gözleg we halas ediş işleriniň çäginde 48 adamyň diri ýagdaýda çykarylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar