Ukraina rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 150 esgerinden mahrum boldy

1834265
Ukraina rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-29-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 30 müň 150 esger öldürildi, ruslara degişli 207 uçar, 174 dikuçar, 1338 taňk, 3 müň 270 sowutly ulag, 631 top, 203 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 240 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 504 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 116 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Ukrainanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň 24-nji fewralda söweş başladan Ukrainada, Russiýanyň goşunynyň guran hüjümleriniň netijesinde şu günki güne çenli 242 çaganyň ýogalandygy, 440 çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar