Nigeriýada başdan geçirilen dyknyşyk sebäpli ençeme adam ýogaldy

Wakada şeýle hem ençeme adamyň ýaralanandygy habar berildi

1834154
Nigeriýada başdan geçirilen dyknyşyk sebäpli ençeme adam ýogaldy

Nigeriýanyň Riwers ştatynyň Port Harkourt buthanasynda başdan geçirilen dyknyşyk sebäpli 31 adam ýogaldy. 

Ýurdyň Milli metbugatynda berilen habarlara görä, Port Harkourt buthanasynda mätäç bolan adamlar üçin azyk paýlanan mahaly dyknyşyk başdan geçirildi. 

Dyknyşykda buthananyň arka tarapynda ýerleşýän kiçi gapydan buthana girmäge synanyşan 31 adam ýogaldy. 

Wakada şeýle hem ençeme adamyň ýaralanandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #buthana , #dyknyşyk , #Nigeriýa

Degişli Habarlar