Eýranda 1 günlük milli ýas yglan edildi

Ministrler kabinetiniň mejlisi çap eden habarnamasynda, ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi

1834210
Eýranda 1 günlük milli ýas yglan edildi

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde 10 gatly Metropol atly binanyň çökmegi netijesinde 1 günlük milli ýas yglan edildi. 

Eýranyň Ministrler kabinetiniň mejlisi, Metropol atly binanyň çökmegi we 29 adamyň ýogalmagy sebäpli ýurtda 1 günlük milli ýas yglan etdi. 

Ministrler kabinetiniň mejlisi çap eden habarnamasynda, ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. 

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde 23-nji maýda Metropol atly binanyň çökmegi netijesinde 29 adam ýogalypdy, 37 adam ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar