Braziliýadaky sil apatynda 33 adam ýogaldy

Braziliýanyň gündogaryndaky Pernambuku ştatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli bolan ýer süýşgüninde 33 adam ýogaldy

1834145
Braziliýadaky sil apatynda 33 adam ýogaldy

Pernambuku ştatynyň Raýat goranyş gullugynyň resmileri Resife şäherinde ýer süýşgüni sebäpli 20 adamyň ýogalandygyny aýdan bolsalar, ştatyň gubernatorlygy tebigy apatda ýogalanlaryň sanynyň 33 adama ýetendigini habar berdi. 

Aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli 500-den gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigi mälim edildi. 

Pernambuku Raýat goranyş gullugy, raýatlara sil apatynyň başdan geçirilýän sebitlere barmazlyklary we çabga ýagyşlaryň ýagmak ähtimallygyna garşy öýlerinden çykmazlyklary barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar