Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy

Ukrainanyň Mariupol şäherinde ýykylan fabriklerden biriniň harabalygynyň aşagynda 70 adamyň jesedi tapyldy.

1833708
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy

Russiýanyň Ukraina hüjümleri dowam edýärkä, rus goşuny ilatly ýerleri hem bombalaýar.

Ukrainanyň rus hüjümlerinde agyr ýitgi çeken ýerlerinden biri bolan Mariupolda harabalyklary dikeldiş işleri dowam edýär.

Mariupoluň şäher häkiminiň geňeşçisi Petro Andriýuşenko; “Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar minğistrliginiň gullukçylary, Kuýindži köçesindäki harabalyklary aýyrýarka ozalky Oktýabr fabriginiň aşagyndan 70 jeset tapdy” diýdi.

Andriýuşçenko rus esgerleri sebäpli asuda ilatdan ölen başga adamlaryň jesetleriniň hem tapyljakdygyny beýan etdi.

Jesetler Stary Krym obasyndaki köpçülikleýin gonamçylyga jaýlandy.



Degişli Habarlar