ÝB-ne Agza Ýurtlar Ukraina 500 Million Ýewrolyk Harby Kömek Berer
ÝB-niň Ukraina berýän harby kömekleriniň jemi mukdary 2 milliard ýewro ýetdi.

ÝB-ne agza ýurtlar, Russiýa bilen söweşýän Ukraina harby taýdan goldaw bermek üçin 500 million ýewrolyk goşmaça kömegiň berilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
ÝB Geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, ÝB-niň berjek goşmaça kömeginiň, Ukrainanyň harby goşunynyň ýurduň özygtyýarlygynyň we bitewiliginiň goralmagyna, mundan başgada Russiýanyň hüjümlerine garşy asuda ilatyň goralmagyna goldaw berjekdigi nygtaldy.
Soňky kömek bilen birlikde ÝB-niň Ukraina berýän harby kömekleriniň jemi mukdary 2 milliard ýewro ýetdi.
ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel “ÝB we gurama agza ýurtlar söweşiň başyndan bäri Ukraina goldaw berýär we goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Degişli Habarlar

NATO-nyň Liderler maslahaty başlady
NATO-nyň Liderler maslahaty Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde öz işine başlady