ÝB-ne Agza 9 Ýurtda 67 Adamda Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi

Wirusa ýoluganlaryň hassalygy ýeňil geçirýändigi we wirusyň has köp adama ýokaşmak howpynyň azdygy nygtaldy

1831263
ÝB-ne Agza 9 Ýurtda 67 Adamda Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi

Maýmyn gülü wirusyna ÝB-ne agza 9 ýurtda 67 adamda gabat gelinendigi habar berdildi.

Ýewropa hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkezi ozal 8 ýurtda 85 adamda maýmyn gülü wirusyna gabat gelinendigini mälim etdi.

Merkeziň soňky habarnamasynda wirusa 85 däl eýsem 67 adamda gabat gelinendigi nygtaldy.

Ýewropa hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkezinyň soňky görkezijilerine görä, maý aýynyň 15-23-i aralygynda Awstriýada, Belgiýada, Fransiýada, Germaniýada, Italiýada, Gollandiýada, Portugaliýada, İspaniýada we Şwesiýada maýmyn gülü wirusyna gabat gelindi.

Wirusyň bir adamdan başga bir adama deri arkaly ýokaşyp bilýändigi nygtalypdy.

Ýewropa hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň başlygy Andea Ammon mesele hakynda beren beýannamasynda, wirusa ýoluganlaryň hassalygy ýeňil geçirýändigini we wirusyň has köp adama ýokaşmak howpynyň azdygyny belledi.

 


Etiketkalar: #hassalyk , #Ýewropa , #wirus

Degişli Habarlar