Eýranda Ynkylap goragçylary goşunyna degişli ofiseriň janyna kast edildi

Seýýad Hodaýiniň Siriýada Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barandygy mälim edildi

1830480
Eýranda Ynkylap goragçylary goşunyna degişli ofiseriň janyna kast edildi

Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde, Ynkylap goragçylary goşunyna degişli ofiserleriň biriniň janyna kast edilmegi netijesinde öldürildi. 

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan berilen beýanata görä, polkownik Seýýad Hodaýi öýüniň golaýynda ýaragly hüjüme sezewar galdy. 

Ofiser Seýýad Hodaýiniň motosiklli 2 hüjümçiniň od açmagy netijesinde kellesine degen oklar bilen ýogalandygy habar berildi. 

Seýýad Hodaýiniň Siriýada Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar