Sil Apaty Hindistanda we Bangladeşde Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär

Hindistanda we Bangladeşde sil sebäpli azyndan 57 adam ýogaldy.

1830218
Sil Apaty Hindistanda we Bangladeşde Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär

Hindistanda we Bangladeşde hepdäniň başyndan bäri ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli azyndan 57 adam ýogaldy.

Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Hindistanda we Bangladeşde sil we tupan gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Hindistanyň Bihar welaýatynda penşenbe güni tupan sebäpli azyndan 33 adam ýogaldy.

Bangladeşiň serhedindäki Assam welaýatynda bolsa tupan sebäpli 14 adam ýogaldy. 90 müň adam hem başga ýere göçürildi.

Bangladeşiň demirgazyk gündogarynda bolsa aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen sil 2 million adama uly zeper ýetirdi.

Bangladeşili ýolbaşçylar sil apatynda 10 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Sil sebäpli 50 müň hojalygyň elektrik togy kesildi.

Hünärmenler global ýylylyk sebäpli Hindistanda we Bangladeşde has güçli tebigy apatlaryň başdan geçirlip bilinjekdigi barada duýduryş berýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar