Nýu-Ýorkda Ilkinji Gezek Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi

Wirusa ýoluganlaryň sanynyň öňümizdäki aýlarda Ýewropada artyp biljekdigi barada duýduryş berildi.

1830325
Nýu-Ýorkda Ilkinji Gezek Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ilkinji gezek maýmyn gülü wirusyna gabat gelindi.

Nýu-Ýorkyň Saglygy goraýyş gullugyndan berlen beýannamada, ştatda ilkinji gezek maýmyn gülü wirusyna gabat gelinendigi nygtaldy.

Beýannamada, ady agzalýan adamyň karantina alynandygy we bejergisiniň başlandygy belelnildi.

Beýleki tarapdan şu günkü güne çenli Britaniýada, Ispaniýada, Portugaliaýda, ABŞ-da, Kanadada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Belgiýada, Germaniýada, Awstraliýada, Ysraýylda gabat gelinen maýmyn gülü wirusy sebäpli Şweýsariýada hem 1 adam bejergi astyna alyndy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Hans Kluge, wirusa ýoluganlaryň sanynyň öňümizdäki aýlarda Ýewropada artyp biljekdigi barada duýduryş berdi.

 


Etiketkalar: #Nýu-Ýork , #duýduryş , #wirus

Degişli Habarlar