Dragi Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Dragi bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky çaknyşyklar hakynda pikir alyşdy

1830237
Dragi Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Italiýa tarapyndan berlen beýannamada, Dragi bilen Zelenskiniň telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky çaknyşyklar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Dragi telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş yglan eden Russiýa 6-njy sanksiýanyň goýuljakdygyny we Italiýanyň Ukrainanyň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýändigini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Dragi bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada Twitterden beren habarnamasynda, Dragi bilen Ukrainanyň portlaryna goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Zelenskiý, Italiýanyň Ukraina berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar