Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 150 esgerinden mahrum boldy

1830113
Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-21-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 28 müň 850 esger öldürildi, ruslara degişli 204 uçar, 169 dikuçar, 1278 taňk, 3 müň 116 sowutly ulag, 596 top, 201 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 178 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 462 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 104 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Baş Prokuraturasy tarapyndan berilen beýanatda, Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşiniň netijesinde Russiýanyň goşunynyň Ukrainada guran hüjümlerinde şu günki güne çenli 231 çaganyň ýogalandygy, 430 çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #çaga , #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar