Jo Baýden Ukraina kömek berilmek baradaky karara gol çekdi

Jo Baýdeniň tassyklamagy bilen kömek bukjasy güýje girdi

1830153
Jo Baýden Ukraina kömek berilmek baradaky karara gol çekdi

Aziýa ýurtlaryny saparyny dowam etdirýän ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 24-nji fewraldan bäri Russiýanyň hüjümlerine sezewar galan Ukraina 40 milliard dollarlyk ýardam berilmek baradaky kömek bukjasyna gol çekdi. 

Sentýabr aýyna çenli Ukrainany goldamagy maksat edinýän kömek bukjasynyň çäginde ABŞ 20 milliard dollar möçberinde harby taýdan kömek berer. 

Kömek bukjasynyň çäginde Ukraina ykdysady galkynyş, oba hojalyk pudagynyň çökmeginden gözbaş alyp biljek global azyk gytçylygynyň öňüniň alynmagy we bosgunlara kömek beriler. 

ABŞ-nyň Senady Jo Baýdeniň Ukraina üçin 33 milliard dollar kömek berilmek barada talap bildirendigi we Wekiller mejlisi tarapyndan 40 milliard dollara çenli çykarylan kömek bukjasyny 19-njy maýda tassyklapdy. 

Jo Baýdeniň tassyklamagy bilen kömek bukjasy güýje girdi. 



Degişli Habarlar