Ukrainada Rus Hüjümleri Sebäpli 231 Çaga Ýogaldy

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli 231 çaga ýogaldy, 427 çaga ýaralandy.

1829662
Ukrainada Rus Hüjümleri Sebäpli 231 Çaga Ýogaldy

Ukraianyň Prokuroturasyndan berilen beýannama görä hüjümler sebäpli esasanda Doneskde, Kiýewde we Harkowda çaga ýitgileri köp boldy.

Beýannamada rus goşunlarynyň bombardymanlary netijesinde ýurtda 1837 okuw jaýyna zeper ýetendigi, şolardan 172 sanysynyň dolulygyna ýykylandygy habar berildi.

Ukrainanyň Baş ştaby bolsa Russiýanyň 24-nji fewral bilen 20-nji maýyn aralygynda çeken ýitgisi hakynda beren beýannamasynda rus goşunlarynyň soňky 24 sagatda ýene-de 200 esgerini ýitirendigini mälim etdi.

Rus goşunlarynyň şu günki güne çenli jemi 28,700 esgerini ýitirendigi, ruslara degişli 204 ýçaryň, 168 dik uçaryň, 1263 tankyň, 3090 sowutly ulagyň, 596 topuň, 200 raketa atyjy ulgamyň we 93 howa goranyş ulgamynyň hatardan çykarylandygy habar berildi.

Rus güýçleriniň 2,162 ulagynyň, 13 gämisiniň we 460 uçarmansy howa ulagnyň hatardan çykarylandygyna üns çekilýän beýannamada, ruslaryň atan 103 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa giňişliginde urlup düşürilendigi mälim edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýannamada Ukrainada 1351 rus esgeriniň ölendigi habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar