“Russiýa Donbasy Jähenneme Öwürdi”
Zelenskiý, Russiýany, ýurdunyň gündogarynda ýerleşýän Donbas sebitini jähänneme öwürmekde günäkärledi.
1829756

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýany, ýurdunyň gündogarynda ýerleşýän Donbas sebitini jähänneme öwürmekde günäkärledi.
Wladimir Zelenskiý, halka ýüzlenip eden çykyşynda, rus güýçleriniň Donbasy ýer bilen ýegsan edendigini belledi.
Zelenskiý “Odessa sebitinde, Ukrainanyň merkezindäki şäherlere yzygiderli hüjümler guralýar. Donbas dolulygyna ýok edildi” diýdi.
Rus güýçleriniň Donbasa guraýan hüjümleriniň artandygyny nygtan Zelenskiý, “Ukrainanyň ýaragly güýçleri, Harkow sebitini halas etmek üçin operasiýa guraýar. Emma Donbasda basypalyjylar basyşy artdyrmaga çalyşýar. Donbas jähenneme öwrüldi. Sewerodonetskde guralan hüjümde 1 günde 12 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy”diýdi.