Rus Hüjümleri Sebäpli Infstruktura 100 Million Dollarlyk Zeper Ýetirildi

"Mariupol ýaly uly şäherler bilen Ukrainanyň gündogaryndaky käbir şäherler ýeg bilen ýegsan edilýär. Bu ýykylşyk dowam edýär"

1829788
Rus Hüjümleri Sebäpli Infstruktura 100 Million Dollarlyk Zeper Ýetirildi

Ukrainanyň Infstruktura ministri Aleksandr Kubrakow, Russiýanyň ýurduna guraýan hüjümleri sebäpli infstruktura 100 million dollarlyk zeper ýetirlendigini mälim etdi.

Kubrakow, “Mariypol ýaly uly şäherler bilen Ukrainanyň gündogaryndaky käbir şäherler ýeg bilen ýegsan edilýär. Bu ýykylşyk dowam edýär. Söweşden öň täze taslamalara başlapdyk. Russiýanyň hüjümleriniň bes edilmeginden soň infstrukturanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin Günbatarly ýurtlarda saklanan rus emlaklaryny ulanmak isleýäris” diýdi.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Kubrakow, türk gurluşyk firmalarynyň Ukrainada söweşden öň uly taslamalary durmuşa geçirendiklerini, söweşden soň bolsa şol firmalaryň Ukrainada iş alyp barmaklaryny isleýändiklerini belledi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar