Ukraina Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina soňky 1 günde Russiýanyň goşunyndan ýene-de 400 esgeriň öldürilendigini habar berdi

1828720
Ukraina Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-18-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 400 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 28 müň 300 esger öldürildi, ruslara degişli 202 uçar, 167 dikuçar, 1251 taňk, 3 müň 43 sowutly ulag, 586 top, 199 raketa ulgamy we 91 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 137 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 441 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 102 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 

 

 



Degişli Habarlar