Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Okuwlara Arakesme Berildi

Tähran, dünýäde howanyň hapalygy taýdan ilkinji 3 şäheriň hatarynda ýer alýar.

1828942
Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Okuwlara Arakesme Berildi

Eýranyň paýtagty Tähranda howanyň hapalyk derejesiniň aşa ýokarlandygy sebäpli başlangyç we orta mekdeplerde okuwlara 1 gün arakesme berildi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Tähranyň şäher häkiminiň orunbasary Abid Meleki, howanyň hapalygy we görlen çäreler hakynda beýannama berdi.

Meleki “Howanyň hapalygynyň ýokary bolmagynyň saglyga uly zeper ýetirýändigi sebäpli şu gün Tähran welaýatynda başlangyç we orta mekdeplerde okuwlara 1 günlük arakesme berildi” diýdi.

Howanyň hapalygy sebäpli düýn hem Tähran welaýatlarynda ähli mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okuwlara arakesme berlipdi.

Tähran, dünýäde howanyň hapalygy taýdan ilkinji 3 şäheriň hatarynda ýer alýar. Tähranda howanyň hapalygynyň ýokary bolmagy sebäpli ýygy-ýygyndan okuwlara arakesme berilýär.

 

 



Degişli Habarlar