Wiktor Orban Ýaňadandan Premýer-ministrlige Saýlandy

Orban şeýlelikde 1998-nji, 2010-njy, 2014-nji we 2018-nji ýyldan soň 5-nji gezek premýer-ministrlige saýlandy.

1827944
Wiktor Orban Ýaňadandan Premýer-ministrlige Saýlandy

Wengriýada Ýurtdaş bileleşiginiň başlygy Wiktor Orban, Milli Mejlisde geçirlen sese goýulşykda ýaňadandan premýer-ministrlige saýlanyp wezipesine başlady.

Wiktor Orban 199 kürsüli mejlisde geçirlen sese goýulşykda 133 halk deputatynyň sesini aldy.

Sese goýulşykda 27 halk deputaty “garşy” ses berdi.

Demokratik koalisiýa bilen Žobbik partiýasy sese goýulşyga gatnaşmady.

Premýer-ministrlige saýlanan Wiktor Orban, sese goýulşykdan soň kasam edip wezipesine başlady.

Orban şeýlelikde 1998-nji, 2010-njy, 2014-nji we 2018-nji ýyldan soň 5-nji gezek premýer-ministrlige saýlandy.

 



Degişli Habarlar