Ukraina: "Rus goşuny ýurdyň gündogaryndaky pozisiýalaryny güýçlendirýär" diýdi

Ukraina Russiýanyň goşunynyň ukrainaly esgerleriň ýurdyň gündogaryndaky sebitlerde öňe gidişlik etmeginiň öňüni almak üçin ol ýerlerdäki pozisiýalaryny güýçlendirýändigini habar berdi

1828097
Ukraina: "Rus goşuny ýurdyň gündogaryndaky pozisiýalaryny güýçlendirýär" diýdi

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýurdyň gündogaryndaky sebitlerde öňe gidişlik etmeginiň öňüni almak maksady bilen şol sebitlerdäki söweşjeň pozisiýalaryny güýçlendirýändigini, Rus uçarlarynyň bolsa ýurdyň gündogaryndaky sebitlerde raýat we harby infrastruktura desgalary bilen beýleki sebitlerdäki senagat zolaklaryny bombalaýandygy mälim edildi. 

Rus harby güýçleriniň Slobožansk we Harkow ugurlarynda Ukrainanyň goşunynyň öňe gidişligine böwet bolmaga synanyşýandygy, Slawýansk ugrunda bolsa ýaňadandan hüjüme geçmek üçin taýarlyk görýändigi bellenen beýanatda, Rus harby güýçleriniň Donetsk ugrunda minomýot, raketa ulgamlary we howa ulaglary bilen, Liman ugrunda bolsa Drobişewo şäherçesine hüjüm edendigi aýan edildi. 

Beýanatda rus harby güýçleriniň Sirotino, Wyskriwa, Kamýanka we Ugledar şäherçelerine guran hüjümleriniň şowsuz bolandygy nygtalyp, Russiýanyň goşunynyň Kamenskoý, Orehowo, Nowoselka we Gulýaýpole ýaşaýyş ýerlerindäki raýat infrastrukturalara, Liman, Tawrida, Trudolýubowka we Osokorow ýaly ýerlerde ýerleşýän Ukrainanyň goşunyna od açandygy beýan edildi. 

Russiýanyň uçarlary tarapyndan Odessa sebitindäki Belgorod-Dnestrowskiý etrapçasyna raketa bilen hüjüm guralmagy netijesinde raýat infrastruktura desgalaryna hüjüm guralandygy, hususy binalaryň ýumrulandygy bellenen beýanatda, rus gämisiniň nyşana alynyp hüjüm guralan Ýylan dasynyň golaýynda bolsa rus güýçleri tarapyndan gözleg we halas ediş işleriniň geçirilýändigi habar berildi. 

Beýanatda Donetsk we Lugansk welaýatlarynda soňky 1 günde Russiýanyň goşunynyň 11 hüjüminiň yzyna serpikdirilendigi, 5 taňkyň, 1 zenit raketa ulgamynyň, 6 artilleriýa ulgamynyň we 1 ulagyň ýok edilendigi, 1 Su-25 uçaryň, 3 uçarmansyz howa ulagynyň we 1 ganatly raketanyň hatardan çykarylandygy mälim edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #Lugansk , #Donetsk , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar