Alžiriň Prezidenti Tebbun metbugat ýygnagynda beýannama berdi

Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun, ýurdundaky türk maýalary bilen baglanşykly: “Men şol maýa goýumlaryň mukdarynyň ýakyn wagtda 10 milliard dollara we ondan hem ýokary çykjakdygyna ynanýaryn” diýip belledi

1827938
Alžiriň Prezidenti Tebbun metbugat ýygnagynda beýannama berdi

Resmi sapar bilen Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine gelen Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Prezidentiň Kompleksinde geçirilen duşuşykdan soň, umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Prezident Erdoganyň Alžirde türk maýa goýumlarynyň mukdarynyň 5 milliard dollara ýetendigi baradaky beýanatyny ýatladan Tebbun: “Men şol maýa goýumlaryň mukdarynyň ýakyn wagtda 10 milliard dollara we ondan hem ýokary çykjakdygyna ynanýaryn” diýip nygtady.

Abdülmejid Tebbun Liwiýa bilen bagly berilen soraga bolsa: “Liwiýa meselesinde Türkiýedäki doganlarymyz bilen umumy garaýyşa eýediris. Ol hem Liwiýada saýlawsyz bir çözgüdiň bolmajakdygydyr. Ýagny dolanşygyň Liwiýanyň halkyna gowşurylmagy nokadynda başga hiç hili alternatiwa ýokdyr. Şol mesele bilen bagly Türkiýe bilen şonsyz hem geňeşmeler geçirýäris, aragatnaşyk içindediris. Umuman alanyňda şol bir garaýyşa eýediris. Saýlawlar bolmasa bolmaz” diýip nygtady.

Geçirilen duşuşykda Liwiýa we Palestina meseleleriniň hem üstünde durulyp geçirlendigini aýdan Tebbun, Alžiriň we Türkiýäniň Palestina babatynda doly ýagdaýda ylalaşyk içindediklerini belläp: “Liwiýada Liwiýanyň halkyna söz berilmeginiň we saýlawlaryň halk tarapyndan geçirilmeginiň gerekdigini belledik” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar