Günorta Koreýada dikuçar ýere gaçdy
Günorta Koreýada Sonja dagynyň golaýynda ýere gaçan dikuçaryň içindäki 3 adamyň 1-i ýogaldy, 2 adam agyr ýagdaýda ýaralandy
1827605
Günorta Koreýanyň günortasynda ýerleşýän kenarýaka şäheri Geože şäheriniň çäklerindäki Sonja dagynyň golaýynda şu gün irden ýerli wagt bilen sagat 08:40-da dikuçar ýere gaçdy.
Dagda dowam edýän ýol gurluşyk işlerinde işleýän adamlary daşaýan dikuçaryň içinde uçarman, uçarmanyň kömekçisi we bir inžener bardy.
Agyr ýagdaýda ýaralanan 3 adam hassahana ýatyryldy, birnäçe wagt soň dikuçaryň uçarmanynyň hassahanada ýogalandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Aliýew Bilen Zelenskiý Dawosda Duşuşdy
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar seljerildi