Finlandiýa NATO Agzalyk Üçin Ýüz Tutar
Finlandiýanyň Prezidenti Niinistö ýurduň gysga wagtda NATO agzalyk üçin ýüz tutmalydygyny nygtady

Finlandiýanyň, Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýän günlerinde, NATO-nyň has-da güýçlenmegi maksady bilen NATO agzalyk üçin ýüz tutjakdygy nygtaldy.
Finlandiýanyň Prezidenti Niinistö bilen Premýer-ministri Marin beren bilelikdäki beýannamasynda, ýurduň gysga wagtda NATO agzalyk üçin ýüz tutmalydygyny nygtap, degişli kararyň kabul edilmegi üçin işe girişiljekdigini belledi.
Beýannamada, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde NATO-nyň has-da güýçlenmegi üçin amatly şert döredip NATO agzalyk üçin ýüz tutuljakdygy nygtaldy.
Şwesiýanyň hem geljekde NATO agza bolmak üçin degişli karary kabul etmegine garaşylýar.
Russiýa, Şwesiýa bilen Finlandiýanyň NATO agza bolmagynyň, şol ýurtlaryň we Ýewropanyň howpsyzlygy taýdan has howply boljakdygy barada duýduryş beripdi.
Degişli Habarlar

Ysraýyl Günbatar Şeriadaky hüjümlerini giňeldýär we palestinalylary nyşana alýar
Ysraýyl palestinalylara degişli dükanlarda we etrapçalarda barlag geçirdi.