ABŞ-da Kovid-19 Sebäpli 1 Million Adam Ýogaldy

Baýden, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýurtda 1 million adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

1826087
ABŞ-da Kovid-19 Sebäpli 1 Million Adam Ýogaldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýurtda 1 million adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, Jo Baýden, Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 1 million amerikalynyň ýogalmagyna uly gynanç bildirdi.

Epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň arkasynda uly maşgalanyň, jemgyýetiň we halkyň galandygyny nygtan Baýden “Saçagyň başynda 1 million adamyň ýeri boş galdy” diýip belledi.

Epidemiýa garşy göreşde has ünsli bolunmagyny islän ABŞ-nyň Prezidenti, “adam pidalarynyň artmazlygy üçin elimizden geleni etmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar