Russiýa Soňky 24 Sagatda 350 Esgerini Ýitirdi

Ukrainanyň Baş ştaby rus goşunlaryyň 26 müň esgerini, 199 uçaryny, 158 dik uçaryny we 1170 tankyny ýitirendigini beýan etdi.

1824550
Russiýa Soňky 24 Sagatda 350 Esgerini Ýitirdi

Ukrainanyň Baş ştabyndan rus goşunlarynyň 24-nji fewral bilen 10-njy maýyn aralygynda çeken ýitgileri hakynda berilen beýannamada, rus goşunlarynyň soňky 24 sagatda ýene-de350 esgerini ýitirendigi habar berildi.

Beýannamada rus goşunlaryyň 26 müň esgerini ýitirendigi we ruslara degişli 199 uçaryň, 158 dik uçaryň, 1170 tankyň, 2,808 sowutly ulagyň, 519 topuň, 185 raketa ulgamynyň we 87 howa goranyş ulgamynyň hatardan çykarylandygy mälim edildi.

Rus güýçleriniň 1980 ulagynyň, 12 gämisiniň we ýokary tizlikli ýeňil gämisi bilen 380 uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigine üns çekilýän beýannamada, ruslaryň atan 94 ganatly raketasynyň hem Ukrainanyň howa goranyş güýçleri tarapyndan urlup düşürilendigi habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 25-nji martda beren beýannamasynda Ukrainada 1351 rus esgeriniň ölendigi mälim edilipdi.

 



Degişli Habarlar