ÝB: "Russiýa wagşyçylykly hüjümleri sebäpli soraga çekiler" diýdi

Mişel, G7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň onlaýn görnüşde geçiren maslahatyndan soň, sosial media hasabynyň üsti bilen beýanat berdi

1824015
ÝB: "Russiýa wagşyçylykly hüjümleri sebäpli soraga çekiler" diýdi

Ýewropa Bileleşigi (ÝB), Ukrainanyň Lugansk sebitindäki mekdepleriň birine Russiýa tarapyndan guralandygy habar berilen hüjümi ýazgaryp,  wagşyçylykly hüjümleri sebäpli Russiýanyň soraga çekiljekdigini habar berdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, G7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň onlaýn görnüşde geçiren maslahatyndan soň, sosial media hasabynyň üsti bilen beýanat berdi.

Maslahatda Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewraldan bäri dowam edýän hüjümlerine beriljek jogaplary köptaraplaýyn häsýetde koordinasiýa edýändiklerini aýdan Şarl Mişel: "Luganskdaky mekdebe guralan hüjüm bilen birlikde, Russiýanyň amala aşyrýan zalymlyklaryndan hasap soralar" diýip nygtady. 

Şarl Mişel Ukraina has köp kömegiň beriljekdigini, ýurdyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin gün tertibe getirilen Marşall meýilnamasynyň möhümdigini beýan etdi. 

ÝB Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel hem sosial media hasabyndan, Luganskdaky mekdebe guralan hüjüme hopugandygyny mälim etdi. 

Ukrainanyň Lugansk sebitiniň gubernatory Sergeý Gaýdaý, Bologorowka obasyndaky mekdepleriň biriniň 7-nji maýda Russiýanyň harby güýçleriniň howa hüjüminiň netijesinde ýumrulandygyny, mekdebiň gaçybatalgasynda gizlenen 60 adamyň ýogalan bolup biljekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar