Russiýanyň Ankaradaky ilçisi Türkiýäniň araçylyk tagallalary barada beýannama berdi

Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow, Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky araçylyk roluna uly ähmiýet berýändiklerini habar berdi

1823871
Russiýanyň Ankaradaky ilçisi Türkiýäniň araçylyk tagallalary barada beýannama berdi

SSSR-yň II Jahan urşunda Nasist Germaniýany ýeňmeginiň 77-nji ýyly, Russiýanyň Ankara şäherindäki ilçihanasy tarapyndan paýtagt Ankara şäherindäki Rus Öýünde bellenilip geçildi.

Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow, 9-njy maý ýeňiş baýramynyň çäginde geçirilen dabarada, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçip, iki ýurdyň arasynda bagtyýar gelejegiň gurulmaga dowam edilýändigini belledi.

Alekseý Ýerhow, Türkiýäniň häzirki wagtda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda öz üstüne alan araçylyk rolunyň ähmiýetine ünsleri çekip: "Çyn ýürekden aýdasym gelýär, biz Türkiýäniň häzirki wagta goşandy we öz üstüne alan araçylyk roluna uly ähmiýet berýäris we uly baha berýäris. Daşary işler ministrimiz Sergeý Lawrowyň ukrainaly kärdeşi bilen Antalýada geçiren duşuşygy we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşmagynda Dolmabahçe köşgünde geçen duşuşyga gatnaşmagymyz, Türkiýäniň araçylyk tagallalaryna berýän ähmiýedimizi görkezýär" diýip nygtady. 

Ýerhow parahatçylyk gepleşikleriniň gysga wagtda netijelenmegini umyt edýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar